100 ýyl­dan soň sa­tyl­dy

20 Sentýabr 2024
270

Da­ni­ýa­ly işe­wür Lars Emil Bruu­nyň go­ýup gi­den mi­ra­sy 100 ýyl­dan soň­ra sa­tyl­dy. Işe­wür 1923-nji ýyl­da ara­dan çyk­maz­dan ozal, öm­rü­niň do­wa­myn­da ýyg­nan, ba­ha­sy 1 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bo­lan mi­ra­sy­nyň 100 ýyl­dan soň­ra sa­tyl­ma­gy­ny wes­ýet edip­dir. Şeý­le­lik­de, onuň ag­tyk-çow­luk­la­ry kol­lek­si­ýa­nyň bi­rin­ji bö­le­gi­ni sa­tu­wa çy­kar­dy. Şa­ýy­lyk pul­lar­dan, bank­not­lar­dan we al­tyn me­dal­lar­dan yba­rat bo­lan kol­lek­si­ýa 16,5 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy.

Bruun kol­lek­si­ýa­sy­nyň Da­ni­ýa­nyň mil­li kol­lek­si­ýa­syn­da gaz­na hök­mün­de sak­lan­ma­gy­ny we 100 ýy­la çen­li sa­tyl­ma­gy­nyň çäk­len­di­ril­me­gi­ni, on­dan soň­ra ag­tyk-çow­luk­la­ry­na bäh­bit­li bo­lan ýag­da­ýyn­da, sa­tyl­ma­gy­ny wes­ýet edip­dir. Onuň kol­lek­si­ýa­syn­da jemi 20 müň sany gym­mat­ly zat bar. «Stack’s Bo­wers’a» auk­si­on öýi ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen ta­ry­hy gym­ma­ty bo­lan zat­lar 14,82 mil­li­on ýew­ro sa­tyl­dy.