Ýürekden bir sözüm bar

18 Sentýabr 2024
355

Gahryman Serdarly Watanym meniň

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ykbaly bagtdan ýalkanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik ösüşlerine buýsanýan bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda aýdyň geljegi nazarlaýar. Ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Gözel Diýarymyzyň waspy dillerde sena bolup ýaňlanýar, ýüreklerde ylham bolup gaýnaýar.