Halkymyzyň gadymy ýörelgesi dowamat-dowam

18 Sentýabr 2024
342

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap batly depginde öňe barýar. Ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, taryhy wakalar halkymyzy guwandyryp, ýeňişli menzillere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleri gün-günden rowaçlanýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanyp, ähli ugurlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler oňat netijesini berýär.

Bilşimiz ýaly, pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, ýylyň-ýylyna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu döwletli maslahatyň geçirilmegi milli demokratiýamyzyň, asyrlar aşyp gelýän ýol-ýörelgelerimiziň dabaralanmagydyr.

Nöker NAZAROW,
Türkmenbaşy şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi.