Biraýlygyň çäklerinde möhüm işler alnyp barylýar

16 Sentýabr 2024
311

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen 2015-nji ýylda başy başlanyp, her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlyk ýylyň-ýylyna öz netijeliligini görkezip gelýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi gönüden-göni ynsan saglygyny goramaga gönükdirilendir. Onuň düýp özeninde ynsan saglygyny goramak hakdaky alada durandyr. Bu alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Ýol hereketiniň asudalygyny, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Muňa biraýlygyň dowamyndaky meýilnama boýunça tassyklanan toplumlaýyn çäreler aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýakynda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda bu biraýlygyň çäklerinde talyp ýaşlaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — saglygymyzyň girewi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen biraýlygyň ähmiýeti barada durup geçdiler. Biziň her birimiz ýolagçy ýa-da sürüji hökmünde ýol hereketine gatnaşýarys. Şonuň üçin ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak, ilki bilen, özümize bagly. Ulag eýeleri, ýolagçylar hemişe ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmelidirler. Hereket howpsuzlygyny gazanmak üçin her bir adam jogapkärçilik duýmalydyr, bu bolsa ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Çagalara her bir ata-ene, mugallym ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmelidir. Çykyşlarda bu endikleri terbiýelemekligiň zerurdygy nygtaldy.

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.