Her ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem baý many-mazmunly çärelere beslenýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde giň gerim alan ýol hereketi bilen baglanyşykly düşündiriş işleri, maslahatlardyr duşuşyklar, bäsleşikler hem şaýatlyk edýär.
Turuwbaşdan bellesek, biraýlygyň çärelerini göwnejaý guramak maksady bilen, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyp, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleri boýunça ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, ýokary, orta we umumybilim berýän mekdeplerde okaýan ýaşlaryň arasynda düşündiriş sapaklarydyr wagyz-nesihat işlerine giň gerim berilýär.