Yssy günleriň öz ornuny ýuwaş-ýuwaşdan güýzüň salkynjak, çigrekli günlerine bermegi tebigy kanunalaýyklykdyr. Mahlasy tomsuň ýerine güýzüň gelmegi bilen diňe bir tebigatda däl, eýsem, ynsan bedeninde-de salkyn howa uýgunlaşma ýagdaýy bolup geçýär. Şonuň üçin bedeniň sepgitde ýüze çykyp biläýjek ýokanç kesellere, dümewe garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak, saglygymyzy goramak üçin biziň lukmanlarymyz pasla görä geýinmegi, aşa sowuk içgileri içmekden saklanmagy, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlary içmegi maslahat berýärler.
Şeýle hem her gün kabul edýän iýmitiňiziň düzüminde ter gök önümleriň, miweleriň köpräk bolmagyny gazanmaly.