Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalaryň gurulmagy, ozaldan hereket edýän şypahanalaryň durkunyň täzelenmegi hem şaýatlyk edýär.
Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynyň täze binasyny gurmak we öňki binalarynyň durkuny täzelemek ugrunda edilýän tagallalar has-da guwandyrýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Arçman” şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy diýseň guwandyryjy waka öwrüldi.