Eneler — dünýäniň bezegi, eneler — mähir ummany, eneler hakda söhbet edilse, dünýä mähre beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi sözümiziň ajaýyp subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoluny beýan edýän, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän bu eseriň dünýä halklary üçin ähmiýetlidigini görkezýär.
Ene-atalara hormat goýmak türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk asylly däbidir. Alym Arkadagymyzyň eseri hem enelere goýulýan hormat-sarpanyň belent nusgasydyr. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitapda enäniň, maşgala ojagynyň mukaddesliginiň, Watana söýgi hem-de ene-atalar bilen perzentleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýeti barada gürrüň berilýär.