«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda kabul edilen «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, ilatly ýerleri durnukly ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek oba hojalygyny ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde öňe sürülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, raýatlarymyza oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary, buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek, hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri, emläkleri satyn almak üçin 5 göterim bilen ýeňillikli karzlar berilýär.