Habarlar

28 Awgust 2024
522

Suw bolçulygyna goşant

Welaýatymyzyň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmekde «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Türkmenderýasuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň işçi-hünärmenleri yhlasly zähmet çekýärler. Olar uzynlygy 180 kilometrden gowrak bolan uly suw akabasyna, şeýle hem ýaplara, zeýkeşlere gözegçilik etmek bilen, olary gyrmançalardan arassalaýyş işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Munuň üçin kärhanada bar bolan, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen, gyrmançany 40 — 45 metr uzaklyga ýetirmäge ukyply läbik sorujylaryň 10-a golaýynyň güýjünden peýdalanylýar. Olara tejribeli işçi-hünärmenler hyzmat edip, bökdençsiz işlemeklerini gazanýarlar. Munuň özi akabalardaky suwuň akyş tizligini artdyryp, ekerançylarymyzyň suwaryş suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegine uly ýardam berýär.

Ýörite habarçymyz.