Milli aragatnaşygyň häzirki zaman ösüşi

27 Awgust 2024
153

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda bu ugur boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işini sanlylaşdyrmakda, hödürlenilýän hyzmatlardan peýdalanmagy ýeňilleşdirmekde, olaryň hilini ýokarlandyrmakda maksatnamalaýyn işleri alyp barýar. Agentlik sanly ulgamyň şertlerini yzygiderli ornaşdyrmagyň çäklerinde ýerli hem-de öýjükli telefon aragatnaşygy, Internet tory, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, hemra aragatnaşygy, milli tele we radioýaýlymlary ýaýratmak, şeýle-de hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça işleri ýerine ýetirýär.

Häzirki wagtda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Halkara Elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, «GSM» assosiasiýasynyň, Sanlary we domen atlaryny dolandyrmak boýunça internet korporasiýasynyň (ICANN) we başga-da birnäçe iri halkara guramalaryň doly hukukly agzasy bolup, olar bilen uzak möhletleýin esasda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyz sebitde möhüm merkez — Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda uly ähmiýetli maglumat-aragatnaşyk köprüsi bolmak bilen, halkara optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlarynyň 8-sini özüne birikdirýär. Olar Aşgabat — Guçan (Eýran), Türkmenabat — Alat (Özbegistan), Daşoguz — Gürlen (Özbegistan), Garabogaz — Kenderli (Gazagystan), Kerki — Akina (Owganystan) ugry boýunça 2 sany birikme hem-de Serhetabat — Hyrat (Owganystan) ugry boýunça 2 sany birikme aragatnaşyk ulgamlarydyr.

Döwletgeldi NURÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanly ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň baş hünärmeni.