Köňülleriň şahyry

22 Awgust 2024
578

Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi halkymyzyň diliniň senasyna öwrüldi. Bu babatda akyldar şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz: «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen topragynyň waspçysy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi pähim-parasady, baky taglymy bolan şygyr diwanlary halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň joşgunly aýdymy bolup ýaňlanýar.

Myratgeldi HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň borçnama boýunça harby gullukçysy, starşina.