Tomus paslynyň yssy günlerinde teşneligiňi gandyrmak üçin, adatça, sowujak suw küýseýänsiň welin, «Buz ýaly doňdurma bolaýsady» diýilýän wagtlaram az däl. Lebap welaýatynda döredijilik saparynda mahalymyz Türkmenabatda-da howa gyzdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň edara binasyna ir säher bilen, Gün gaty gyzmanka baranam bolsak, hünärmen gyzyň sowadyjydan alyp hödürlän sowuk suwy kem ýakmady. Onýança komitetiň başlygy Zerhal Narmämmedowa hem geldi. Ol biraz eglenmeli bolandygyny aýdyp:
— Telekeçiler garaşýandyr, ýöräbereli — diýdi. Biz Saýat etrabyna tarap ýola düşdük. Türkmenabat — Kerki awtomobil ýoly bilen ýöräp, Garamahmyt geňeşliginiň deňinden saga öwrülenimizde, daşyna haýat aýlanan iki gatdan ybarat bina uzak aralykdan seleňläp göründi.