«Ýekegowak» taryhy ýadygärligi

12 Awgust 2024
665

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Murgabyň çep kenary bilen demirgazyga hereket eden kerwenler Daşköpriniň we Tagtabazaryň töwereginde täsin gowaklar toplumynyň gabadyndan geçipdirler. Gowaklar orta asyrlarda ýaşap geçen başarjaň ussalar tarapyndan derýanyň sag kert kenarynyň ugruna uzalyp gidýän baýyrlygyň galyň gumdaşlary oýulyp gurlupdyr. Ýekegowak diýlip atlandyrylýan köpgatly gowak şolaryň biridir. Häzirki döwürde bu gowak syýahatçylaryň köp gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Uzynlygy 37 metre çenli, däliz görnüşinde gönüligine uzalyp gidýän gowagyň ýokarsy gümmez görnüşinde gazylypdyr. Däliziň çepinde hem-de sagynda

otaglar ýerleşýär, olaryň käbirinde tegelek

Kuwwat JUMALYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.