Ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagynyň şöhratly taryhyna ýatdan çykmajak sahypalar ýazylýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda, Aşgabat — Mary bölegi 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Ynha, indi hem awtobanyň Aşgabat — Türkmenabat böleginiň gurluşygynyň doly tamamlanyp, ulanylmaga beriljek günleri golaýlaşyp gelýär. Şu günlerde bu ajaýyp ýoluň gurluşygy gyzgalaňly dowam edýär.
Ata-babalarymyz ýoldur geçelgeleri gurmagy sogap iş saýypdyrlar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyzy sebit we dünýä ýurtlary bilen birleşdirýän üstaşyr ýollaryň hem-de geçelgeleriň ençemesi guruldy. Kämil aragatnaşyk ulgamynyň emele gelmegine, ýolagçy gatnawynda we ýük daşamakda giň gerimli ösüşleriň ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen möhüm işler alnyp barylýar.