Dünýä bazarynda islegli

31 Iýul 2024
525

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň dokma senagaty ileri tutulyp ösdürilýär. Bu günki gün dokma önümlerimiz dünýä bazarlarynda islegli önümleriň hatarynda tanalýar. Halajyň nah ýüplük egriji fabriginde hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli nah ýüplükleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Kärhananyň agzybir işgärleriniň yhlasly zähmetiniň netijesinde bu ýerde üstümizdäki ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda gymmatly önümiň 2 müň 174 tonnasy öndürildi.

Kuwwatly fabrikde önümçilik awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Fabrikde Germaniýanyň «Trüçler», Şweýsariýanyň «Reiter» kompaniýalarynda öndürilen ýokary öndürijilikli egriji maşynlaryň bökdençsiz işledilmeginiň netijesinde her günde 14 — 16 tonna nah ýüplük öndürilýär. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal bolsa pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär.

Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.