Häzirki döwürde adamyň durmuşyny ýeňilleşdirýän esasy serişdeleriň biri-de elektrik energiýasydyr. Sebäbi hojalyk durmuşynda peýdalanylýan enjamlaryň aglaba bölegi elektrik energiýasynda işleýär. Elektrik energiýasyny öndürmek üçin gazylyp alynýan ýangyçlar ýakylýar, derýalaryň öňünde böwetler gurulýar. Bu bolsa hem-ä ummasyz çykdajylary talap edýär, hemem ynsan we daşky gurşaw üçin zyýanly täsirlere getirip bilýär. Şonuň üçinem elektrik energiýasyndan oýlanyşykly peýdalanmak tebigatyň abadançylygyny üpjün etmekde derwaýys bolup durýar.
Enjamlaryň dogry peýdalanylyşy