Taryhy gollanma

25 Iýul 2024
646

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly  türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykan kitaby giň okyjylar köpçüligine gymmatly sowgat boldy.

Taryhymyza nazar aýlasak, türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym, medeniýet we sungat sallançagy boldy. Ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň arasynda özboluşly, milli öwüşgin bilen lowurdaýan ruhy we medeni baýlyklary bize miras galdyrypdyrlar. Olardan miras galan baýlyklarymyzyň biri hem kitapdyr. Çünki kitap bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr, genji-hazynadyr. Adamlar kitap okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetirýärler. Alymlaryň aýtmagyna görä, ylym baýlykdan haýyrlyrakdyr.

Selimberdi HAMADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki şäher bölüminiň harby gullukçysy, uly leýtenant.