Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz ady hem-de gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen türkmen edebiýatynyň şuglasy bolup öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Mähriban halkynyň bagtyýar, asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasada we ýokary paýhas duýgularyna ýugrulan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyna hem-de Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan muzeý gymmatlyklary aýratyn orny eýeleýär. Taryhy tapyndylar, gadymy golýazmalar, nesil daragty boýunça maglumatlar, Pyragynyň çeper keşbine bagyşlanan sungat eserleri tutuş türkmen halky, şeýle-de şahyryň döredijiligine gyzyklanma bildirýän adamlar üçin gymmatly çeşmedir.