Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Garagum sährasy durşy bilen keramat, bu künjege zyýarata gelmek we ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmek bolsa parz işdir.
Ene toprak goýnunda müňlerçe hazynalary saklaýar. Watanymyzyň merkezinde ýerleşýän Garagum sährasy hem deňi-taýy bolmadyk bir ajap mekandyr. Garagum sähralygynyň ýerüsti we ýerasty tebigy baýlyklaryny gorap saklap, geljekki nesillere öz tebigy görnüşinde ýetirmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň 18-nji iýulynda «Bereketli Garagum» atly döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Goraghananyň umumy meýdany 87500 gektara deňdir.