Gyş ertekisini» ýatladýan, düzümindäki kalsiniň, serotiniň köplügi bilen «şatlyk garmonyny» öndüriji bu tagamy halamaýanymyz ýok bolsa gerek. Dünýäniň ähli ýurtlarynda uly-kiçiniň isleg bilen, şatlyk bilen iýýän, gürrüňi ediljek bu tagam, elbetde, buzgaýmakdyr. Aýratyn-da, ol tomus paslynyň iň bir söýgüli höregi hasaplanylýar.
Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň köpelmegi bilen ýurdumyzda bu önümiň görnüşleri-de, önümçiligi-de barha artýar. Lezzetli önümiň önümçiliginiň ýola goýulmagy netijesinde ýurdumyzda buzgaýmak önümleriniň bolçulygy döredildi. Dünýä tejribesine daýanýan işewürler türkmen bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmekde netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Şunda ýurdumyzda buzgaýmagyň önümçiligini alyp barýan hususy düzümlerde barmak büküp sanardan kän. Şolaryň biri-de «Bakjam söwda» hususy kärhanasydyr. Bu hususy kärhana Türkmenistanda iň iri we irki buzgaýmak öndürijileriň hatarynda bellidir.