Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşydöwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň hemme pudaklarynda uzakmöhletleýin durnukly ösüşiň berk binýadyny döredýän ähli taraplaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmak, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak esasy wezipeleri özünde jemleýär. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy belli bir derejede kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijeli dolandyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Raýat bitewi kanunyna laýyklykda haryt nyşanlary harydyň şahsy aýratynlygyny görkezýän serişdedir. Häzirki zaman kämil bäsdeşlik şertlerinde haryt nyşanlary gönüden-göni harydyň bäsdeşlige ukyplylygyna täsir edýän birnäçe wezipelerden ybaratdyr. Olardan sarp ediji üçin harydyň hiliniň ýokarylygyny üpjün etmek hem-de şonuň netijesinde bu haryda bolan hyrydarlygy artdyrmak esasysydyr. Sebäbi alyjy bazara baryp haryt satyn alanda bahasy birmeňzeş hem-de hili deň bolan harytlardan olaryň has bellisini saýlap alýar (sport egin-eşiklerinde «Adidas», süýji-köke önümlerinden «Nestle», «Täze aý» we ş.m.).