Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygy etrabymyzda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Hojalykda geçen ýyllarda bolşy ýaly, üstümizdäki şanly ýylda hem galla taýýarlamak boýunça tabşyryk ilkinjileriň hatarynda berjaý edildi.
Daýhan hojalygy boýunça däne ýetişdirilen 75 gektar meýdandan ak bugdaýyň 168 tonnasyna derek 475 tonna golaýy ýygnalyp, şertnamalaýyn borçnamada göz öňüne tutulandakysyndan 307 tonnadan köp hasyl taýýarlanyldy. Ýusup Bäşimowyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygynyň bu zähmet üstünligi her birimizi begendirýär.