Sahawatly topragymyzda ösüp ýetişýän gök-bakja ekinleriniň, miweleriň bolçulygynyň üpjün edilmegi edermen daýhanlarymyzyň, şol sanda oba hojalygy pudagynda iş alyp barýan işewürleriň yhlasly zähmetiniň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi goldamak boýunça ýola goýan asylly işlerini dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda hususyýetçi daýhanlar uly üstünlikleri gazanýarlar. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygydyr. 2014-nji ýylda esaslandyrylan daýhan hojalygyna degişli miweli bagçylyklar, gök-bakja ekinleri ekilen ýerler, ýyladyşhanalar, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary Ahal welaýatynyň dürli etraplarynda ýerleşýär. Biz hem «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygynyň müdiri Gurbangeldi Öwezow bilen söhbetdeş bolup, oba hojalygynda täze sepgitlere ymtylýan işewürleriň maksatlary bilen ýakyndan tanyşdyk.
— Köpugurly daýhan hojalygyilkibaşda haýsy pudakda işe başlady?