Garagulak

6 Iýun 2024
1283

Garagulak ýurdumyzyň günorta-günbatar töwereklerinde, Garagumda, Amyderýanyň golaýyndaky gumlarda, Murgap hem Tejen derýalarynyň aralygynda ýaýrandyr. Aktamgum, Üçtagan, Gumsepişen, Gaplaňgyr, Gazakly, şeýle hem günbatar Uzboýyň gumlary onuň esasy ýaşaýan mekany hasaplanylýar. Saýnaksak, Meşet, Amyderýa gumlarynda, gündogar Garagumda, Murgap bilen Tejen derýalarynyň aralygynda garagulak seýrek duş gelýär. Kämahal Köpetdagyň etegindäki düzlükde, Etrek derýasynyň golaýynda hem görünýär.

Garagulak, adatça, alaňly gumlarda, gara ojarlyklarda, dag etegindäki çölleşen baýyrlyklarda, selçeň pisse agaçly ýerlerde, derýa boýlarynda mekan tutýar.

Döwletmyrat AKMYRADOW,
Murgap etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň mugallymy.