Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara, baýramçylyklara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde Akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda ýene bir hoş habarlaryň biri-de halkymyza sowgat bolan «Magtymguly» atly saýlanan eserleriniň ýygnanan kitabydyr. Häzirki wagtda bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy ähli pudaklarda giň gerimde dowam edýär.