5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni
Ata Watanymyz Türkmenistanyň asuda asmany, arassa howasy, ekologiýasy, örän täsin, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Eziz Diýarymyzyň sährasynda, düzünde, daglarynda, deňiz-derýalarynda mesgen tutan dürli haýwanlar, kök uran ösümlikler täsin tebigatymyzyň bezegidir, halkymyzyň guwanjy hem baýlygydyr. Daşky gurşawy, gözel tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklap, ajaýyp görnüşde geljekki nesillere ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.