Sagdynlyk — gözellik

28 Maý 2024
680

Nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ynsanlar bolup kemala gelmegine aýratyn ähmiýet beren ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Şoňa görä-de, häzirki wagtda dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek giň gerime eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş gününi görkezmek bolar. Bu sene her ýylyň 31-nji maýynda dünýä ýüzünde giňden bellenilip geçilýär we şol gün Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan temmäkä garşy göreşmek boýunça birnäçe çäreler guralýar.

Selbiniýaz BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 13-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.