Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdunda

23 Maý 2024
785

Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmek, raýatlaryň işjeň durmuşyny üpjün etmek we daşky gurşawa aýawly garamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak we raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrundaky başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleriniň, pyýada, welosipedli ýörişleriň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi halkyň saglygyny we bagtyýarlygyny goramaga, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Biziň etrabymyzda hem golaýlap gelýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek çärelere giňden taýýarlyk görülýär. Çünki bedenterbiýe we sport ynsan saglygyny goramagyň, mümkinçiliklerini doly açmagyň wajyp şertidir. Ýurdumyzda ähli ýaşdaky we dürli hünärdäki ildeşlerimizi birleşdirýän şeýle köpçülikleýin çäreleriň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetde ruhubelentlik, sagdynlyk, işjeňlik hereketlerini berkarar edýär. Welosipedli ýörişleriň ýygy-ýygydan geçirilmegi bolsa häzirkizaman dünýäsinde ekologiýa bilen bagly meseleleriň möhüm we oňyn çözgüdini tapmakda uly ähmiýete eýedir.

Muhammet BÄŞIMOW,
Hojambaz etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.