Hünärim bar — hormatym bar

16 Maý 2024
1301

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda orta we kiçi telekeçiligi ösdürmeklige uly üns berilýär. Biz hem özümiziň telekeçilik işimizi, ýagny ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerimizi ýaşlara ýetirmekde döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarys. Halyçylygy, keşdeçiligi we tikinçiligi ýaş gyzlara öwredýäris. Munuň üçin orta mekdeplerde bolup, mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-ündew çärelerini geçirýäris. Şeýle çäreleriň birini golaýda «Hünärim bar — hormatym bar» ady bilen Balkanabat şäherindäki 22-nji orta mekdepde ýokary synp okuwçy gyzlaryň arasynda geçirdik.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň ýanyndaky Keşdeçilik sungatynyň guramagynda geçirilen wagyz-ündew çäresinde edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ajaýyp el hünäri bolan alaja sungaty, tikinçiligiň, biçimçiligiň, keşdeçiligiň ýaşlara öwredilişi, ýaş gyzlaryň hem ene-mamalarymyzdan gelýän el hünäriniň inçe tilsimlerini ele almakda ýerine ýetirýän işleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Gadymy nusgalara täze öwüşgin çaýmak, köýnekleriň ýeň-ýakalaryny keşdelemek, olary her bir gyzyň özüniň biçip hem tikip geýmelidigi, munuň gyz maşgala üçin zerurlyk hasaplanylýandygy hakynda durmuş mysallaryna salgylanyp, gyzlara öwüt-ündew edildi. Gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmäge, telekeçiligi ösdürmäge ak ýollary açan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Zöhretäç Hommadowa,
telekeçi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň agzasy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.