Mertligiň mekdebi

9 Maý 2024
1027

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerimde guraldy.

Merdana pederlerimizden miras galan asylly ýörelgelerimiziň biri bolan Watan gahrymanlaryny hatyralamak däplerine eýerip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň hatyrasyna geçirilýän dabaralara gatnaşyp, gadymy türkmen topragynda parahat durmuşy berkarar etmekde edermenlik görkezen gaýduwsyz gahrymanlaryň şanyna «Baky şöhrat» ýadygärligine gül çemenlerini goýdular. Olaryň ruhuna tagzym etdiler we uruş weteranlarymyza, urşuň yzynda galan kümüş saçly enelerimize ýadygärlik sowgatlaryny, ter gül desselerini gowşurdylar. Bu bolsa Watan goragyny özlerine mukaddes borç hasaplaýan merdana Watan goragçylarymyzyň harby gulluga bolan jogapkärçiligini we buýsanjyny has-da artdyrdy.

Begmyrat EMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.