Öýleriň ýaraşygy, binalaryň bezegi

7 Maý 2024
1426

Gürrüň ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinjileriň biri bolup mebel önümçiligini ýola goýan «Aýbölek» mebel kärhanasy hakda barýar. Bu hususy kärhana indi köp ýyllardan bäri döwletli öýlerimizi, bilim ojaklaryny, edara binalaryny ajaýyp mebel önümleri bilen bezäp gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen türkmen telekeçileriniň önümleriniň we hyzmatlarynyň sergisinde «Aýbölegiň» dürli mebeller bilen bezelen diwarlygy hem köpleriň ünsüni özüne çekdi. Şol sergide bu hususy kärhananyň saglyk maksatly binalar, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri üçin täze öndürip başlan mebelleriniň täze görnüşleri görkezildi.

Tejribeli telekeçi Meretmuhammet Täçmuhammedowyň ýolbaşçylygyndaky «Aýbölek» mebel kärhanasynyň önümçiligini edara binalary, bilim ojaklary, ýaşaýyş jaýlary, iş otaglary üçin niýetlenen döwrebap mebeller düzýär. Telekeçiler, esasan-da, bilim ojaklaryny häzirki zaman mebelleri bilen yzygiderli üpjün edip gelýärler. Ýeri gelende, 2023-2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda «Aýbölek» mebel kärhanasy tarapyndan öndürilen döwrebap mebelleriň bäş müňden gowragy bilen üpjün edilendigini bellemeli. Kärhananyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän mebel toplumyndaky önümhanasynda mekdebe çenli çagalar edaralary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen mebelleriň 200-den gowrak görnüşi öndürilýär.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.