Sowatly, bilimli, terbiýeli nesli ýetişdirmekde häzirki döwürde giň mümkinçilikler döredilendir. Çaganyň irki ýaşdan mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnap terbiýelenmegi, ol ýerdäki döredilýän şertler we mümkinçilikler örän buýsandyryjydyr. Ata-eneler bilen bir hatarda, terbiýeçiniň çaga terbiýesindäki ornunyň uludygy bilim işgärleri üçin mälim ýagdaýdyr. Munuň üçin ýurdumyzda öz işlerine ussat hünärmenler hem taýýarlanylýar. Bala-çagalarymyz üçin döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän orta mekdepler halk üçin, her bir ata-enäniň perzendi üçin iň uly bagt diýsek ýerine düşer.
Hawa, perzendiň terbiýesi ene-ata üçin uly jogapkärli meseledir. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ýaş gelinleriň biri çagasyna nähili terbiýe bermelidigi hakda maslahat soramak üçin akyldaryň huzuryna gelipdir. Akyldar oňa: «Çagaňyz näçe ýaşynda?» diýip sorapdyr. Gelin: «Dek düýn kyrk çilesinden çykardyk, ýaňy kyrk gün boldy» diýip, jogap beripdir. Akyldar başyny ýaýkap: «Siz kyrk gün gijä galypsyňyz» diýipdir. Gelin hem muňa ör-gökden gelipdir: «Ýaňy kyrk gün bolan çaga heniz nämä düşünýär? Gaýta, men öňünden aladasyny edeýin diýip durşum» diýipdir. Akyldar oňa: «Her gezek çagaňyz aglanda, siz ony iýmitlendirensiňiz. Şondan hem çaganyň aňynda bir düşünje berkäp galýar: aglasaň, isleýän zadyňy alyp bolýar ekeni» diýýär. Şeýdibem, her gezek ajyganda aglaýar we maksadyna ýetýär. Soň-soňlar hem ýeterlik terbiýe berilmese, çaga şol aňy bilen kemala gelýär we öz islegini hemişe aglamak hem-de şermendelik etmek bilen gazanyp bolýar diýip düşünýär. Diýmek, perzent terbiýesine näçe ir we çynlakaý çemeleşilse, şonça-da özümiziň we olaryň bähbidinedir.