2010-njy ýylda Meksikanyň Kankun şäherinde ilkinji suwasty muzeý açyldy. Muzeý Isla Muheres adasyndan daş bolmadyk Karib deňziniň 4 metrden 8 metre çenli çuňlugynda ýerleşýär. Ol ululygy hem-de içindäki eksponatlaryň sany, köpdürlüligi boýunça-da beýleki suwasty muzeýlerden tapawutlanýar. Muzeýde adamlaryň, binalaryň, ulaglaryň we başga-da köp zatlary sypatlandyrýan eksponatlar bolup, olar asyl ululykda bolşy ýaly sergilenýär.
Muzeý adamzat bilen tebigatyň sazlaşygy, adamlaryň daşyny gurşap alýan tebigata aýawly çemeleşmegi, suwasty baýlyklary hem-de haýwanat dünýäsini goramagy ündemek üçin gurlupdyr. Şol sebäpden eksponatlarda ýörite suwasty haýwanat wekilleri üçin «öýjükler» hem göz öňüne tutulyp, taýýarlanypdyr.