Hytaýyň “China Southern Airlines” awiakompaniýasy Urumçi (Hytaý)-Aşgabat (Türkmenistan)-Urumçi (Hytaý) ugry boýunça ýolagçy howa gatnawynyň sanyny şu ýylyň 18-nji maýyndan başlap, hepdede iki gezege çykarmagy meýilleşdirýär.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň şenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagtda bu gatnaw hepdede bir gezek, ýagny her hepdäniň çarşenbe günleri amala aşyrylýar.