Dünýä şugla saçýar ady Pyragyň

22 Aprel 2024
480

Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň hem edebi mirasyny baýlaşdyran altyn hazynadyr. Onuň şygyrlaryndaky özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýe bolan ynsanperwer pikirler umumadamzadyň ykbaly üçin görüm-görelde hem edep mekdebidir. Pyragy diňe bir türkmeniň milli şahyry bolman, ol umumadamzat edebiýatyna öz mynasyp goşandyny goşan beýik akyldardyr.

Magtymguly Pyragy öz ajaýyp eserlerinde diňe bir türkmen halkyna ýüzlenmän, «eý, adamzat» diýip, ynsan köňlüne aralaşýar. Bu bolsa dana Pyragynyň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna girip, döredijiliginiň ylmy taýdan öwrenilmegine getiripdir. Bu günki gün türkmeniň beýik akyldary Magtymgulynyň döredijiligi dünýä edebiýatynyň, zehinli edebiýatçy alymlarynyň üns merkezinde. Muňa aýry-aýry mysallaryň üsti bilen aýdyň göz ýetirmek bolar.

Ezizmuhammet BAÝRAMMYRADOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.