Aly şahyry ussatlyga ýetiren eser

22 Aprel 2024
787

«Dür ýasalmaz ussatsyz» diýen, söze gadyr goýýan Magtymguly atamyzyň bu setirleri gadymyýetden şu günki günümize gelip ýetmek bilen, ol atlary ebedi galan, her bir sözleri göwhere deňelýän söz ussatlarymyz hakyndadyr. Söz eýeleriniň ady bolsa asla ýitmeýär. XIII asyrda ýaşap, türki kowumlara degişli bolan «Kyssaýy-Ýusup» atly poemanyň awtory Aly şahyr hem şeýle ussatlaryň hatarynda tanalýar. «Her bir daşdan göwher bolanok, her göwheriň gadyryny hemme kişi bilenok». Özboluşly logiki öwrümli bu jümläni dile getireninde, Aly türkmen poeziýasynda öňe saýlanan ägirtleriň sözlerini hem-de öz çeper sözüni düre-göwhere deňemekden çekinmändir. Elbetde, däneleri birleşdirip, dür ýasamak üçinem uly ussatlyk gerek. Alyny ussatlyga eltenem onuň «Kyssaýy-Ýusup» atly eseridi. Eýsem, beýle hormata mynasyp bolan Aly kim? Edebiýatçy alymlar onuň adyny Gul Aly diýip tutýardylar. Şahyryň adynyň öňünden «gul» sözüniň getirilmegi onuň edebi gurşawy bilen bagly bolmagy ahmal. Sebäbi XII-XIII asyrlarda ýaşap geçen şahyrlaryň köpüsiniň adynyň ýa-da lakamynyň öňünden «gul», «bende», «misgin» ýaly sypatlandyrmalary getirmek däp bolupdyr. Alynyň ömür ýoluna degişli maglumatlar biziň günlerimize çenli doly saklanyp galmandyr. Diňe bize belli bolan zat, ol özüniň poemasyny 1233-nji ýylda ýazyp gutarypdyr. Professor Ý.E.Bertels Alynyň «Kyssaýy-Ýusup» poemasynyň oguz dialektinde ýazylandygyny belläp geçýär. Ol bu hakda şeýle ýazýar: «Ahmet Ýasawynyň döredijiliginiň özboluşly dowam etdirilmesi bolan bu eser ömri hakynda hiç zat bilinmeýän Aly diýen bir adam tarapyndan ýazylan, XIII asyra degişli Ýusup hakyndaky poemada görýäris. Bu poema has soňraky wagtlarda Wolga derýasynyň golaýynda juda köp ýaýran hem bolsa, onuň dili oguzça beýan edilipdir. Şonuň üçin-de, ol jedelsiz türkmen edebiýatyna degişli diýlip hasaplanylyp bilner».

Alynyň bu eseri Ýusup pygamber aleýhyssalama bagyşlanypdyr. Eserde çeper beýan edilýän ýordum örän giň ýaýran, meşhurlyga eýe bolan ýordumlaryň biridir. Alynyň bu poemasyndan başga hiç eseri bize gelip ýetmändir. Awtor bu poemasynda türki şahyrlaryň arasynda ilkinji bolup, Gündogaryň meşhur «Ýusup hem Züleýha» hakyndaky ýordumyny uly ussatlyk bilen işlemegi başarypdyr. Poema 12 bogunly goşuk formasynda ýazylyp, Haka we onuň pygamberlerine hamdu-senalar bilen başlanypdyr. Türkmen edebiýatynyň taryhynda Aly hem onuň poemasy dogrusynda 1927-nji ýylda kiçijik makaladan başga, ony giňişleýin açyp görkezýän eser ýazylmandyr. Şol makalanyň awtory bu ýorduma dini häsiýetli diýip baha beripdir. Şeýdip, bu özboluşly poema giň okyjylar köpçüligine belli bolman galýar. Has soňrak tatar doganlarymyz poemany garbap aldylar. Ol hakda kän-kän makalalar ýazdylar. Poema tatar mekdeplerinde öwrenilip başlandy. Emma 1976-njy ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory E.N.Najyp «Sowetskaýa týurkologiýa» žurnalynda «Kyssaýy-Ýusup» poemasyna bagyşlanan tutumly makalasyny çap etdirdi. Ol bu makalada poemanyň tatar edebiýatyna dahyly ýok diýen netijä geldi. Alynyň poemasyndan hem käbir mysallary getireliň!

Ogulnar GURBANMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň mugallymy.