Sportuň gerimli ösdürilýän ýurdy

22 Aprel 2024
790

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
— Ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işleri alyp barýarys. Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy. Biz geljekde hem halkara sport düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk ederis, sportuň dürli görnüşlerini ösdüreris
.

Hawa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyza gadam goýan ilkinji minutlarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda aýdan bu paýhasly sözleri sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenlerimizi ruhubelentlige besledi.

Döwletgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Milli tehniki welosport merkeziniň direktory, Türkmenistanyň welosport federasiýasynyň başlygy.