Beýik Seljuklaryň atabeglik mekdebi

17 Aprel 2024
1131

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly watansöýüjiligiň belent waspyny ajaýyp teswirleýän eserinde, milli taryhymyzdaky «atabeglik mekdebi» barada şeýle beýan edýär: «Türkmen soltanlyklarynda ýörite atabegler bolupdyr. Olar ähli ugurlardan okuwly, terbiýeli bolup, harby tälimleri çuňňur özleşdiripdirler». Atabeglik mekdebi ilkinji gezek Beýik Seljuk türkmenlerinde ornaşdyrylyp, döwlet derejesinde ähmiýet berlen terbiýe ulgamy bolupdyr. Seljuk soltanlary şazadalary terbiýeläp ýetişdirmekde «atabeg» adyna eýe bolan, ylymly-bilimli, goşun terjribeligine eýe mugallymlary wezipelendiripdirler. Sebäbi döwletiň ykbaly ynanyljak geljekki soltanlaryň ýaşlykdan türkmen milli däp-dessurlarynda, ynsanperwer, gaýduwsyz, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin uly ähmiýet berlipdir.

«Atabeg» adalgasynyň ýüze çykyşy

Aziz HASANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.