«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024
Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne goşgularynda watansöýüjilik, dost-doganlyk, mertlik, agzybirlik, gaýduwsyzlyk, päk söýgi, ahlak-terbiýe, öwüt-ündew, lebzihalallyk, ynsanperwerlik ýaly ideýalar öz beýanyny tapýar. Onuň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, kalbynyň owazyna öwrüldi. Akyldar şahyryň paýhasly setirleri ýaş nesle egsilmez ynam, ruhy güýç-kuwwat berýär. Şahyryň goşgulary häzirki günlerimizde hem döwrebap, joşgunly, ruhlandyryjy bolup ýaňlanýar. Magtymgulynyň akyl-paýhasyndan dörän döredijilik dünýäsiniň bolsa bir bölegini sagdynlyk, sagatlyk, beden tämizligi baradaky şygyrlary tutýar.