Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy ösdürilýär, ýaşlaryň bilim almagyna, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna aýratyn üns berilýär, ýaşlary ylym-bilime ugrukdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda kitaphana işiniň hem aýratyn orny bardyr. Ýaş nesilde kitap okamaga höwes döretmek, olaryň dünýägaraýşynyň baýlaşmagyny gazanmak üçin wagyz-nesihat işleri hem geçirilýär. Şeýle hem elektron kitaplaryň ähmiýeti, döwrebaplyk hakynda düşündirilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän işler jogapkärli we hemmetaraplaýyn alnyp barylýar.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde kitaphana işini döwrebap özgertmek, ýaşlary çeper döredijilige höweslendirmek we bu ulgamy kämilleşdirmek babatda ençeme işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň kitaphanalary bitewi elektron ulgama birleşdirildi. Ulgama birikdirilen şol kitaphanalardan okyjylaryň isleglerine görä, dürli kitaplar bilen tanyşmak bolýar. Ilatyň öwrenmek, bilim almak, okamak islegini döwrebap derejede kanagatlandyrmakda, kitaby saýlamakda, gözlemekde wagty tygşytlamak ýaly mümkinçilikleri özünde jemleýän bu ulgam kitaphana işini kämilleşdirýär.