21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Bu günki gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda» Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegi baýramçylygyň şowhunyny goşalandyrýar.
Bu gün ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary, Arkadag şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda geçirilýän dabaralar bolsa türkmen halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginlilidigine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen halkyna Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýän Nowruz ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramydyr.