Pendimi alsaň...

20 Mart 2024
1795

Türkmen zenanynyň asyllylygy, parasatlylygy, uýat-haýalylygy, sadalygy onuň aslynda, zandynda bar zat. Şol häsiýetler hem zenanyň mertebesini beýgeldýär.

Gyz maşgala dünýä inende: «Göwün hoşum» diýip, ene-ata onuň boýuna-syratyna guwanyp, kemala getirýär, iline-gününe ýaraýan perzent bolup ýetişmegini arzuwlaýar. Wagtyň gelmegi bilen, gyz maşgala durmuşa çykmaly, başga bir maşgala, ile goşulyp, özüniň kiçijik döwletini — maşgala ojagynyň binýadyny gurmaly bolýar.

Ogulgurban GURBANMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.