Ýaşlar sporty saýlaýar

8 Mart 2024
726

Sport talyp durmuşynyň hem aýrylmaz bölegidir. Bu hakykaty häzirki günlerde Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda uly şowhun bilen dowam edýän «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hiç biri-de bu ýaryşlardan üzňe galmaýar. Biziň zähmet çekýän bilim ojagymyzyň — Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp ýaşlary hem ajaýyp sport baýramçylygyna taýýarlykly geldiler.

Häzir bu ýaryşlaryň çägindäki erkin göreş hem-de boks bäsleşikleri jemlendi. Öňde bolsa şeýle bäsleşikleriň onlarçasy garaşýar. Bilim berýän talyp ýaşlarymyzyň ykjam taýýarlyklary olaryň öňde boljak bäsleşiklerde netijeli çykyş etjekdiklerine bil baglamaga esas bolup durýar. Çünki biziň ýaşlarymyz sportuň ýekelikdäki hem-de toparlaýyn görnüşleri boýunça taýýarlyk işlerini ýokary derejede geçýärler.

Gözel MÄTIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.