Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji martda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekmegi alnyp barylýan döwrebap özgertmeleriň oňyn netijelere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwrüň bedew batly ösüşleri bu günki gün täze üstünlikler, rowaçlyklar bilen has-da öňe ilerleýär. Şeýle ösüşleriň esasy daýanjy bolsa bagtyýar ýaşlardyr. Türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, hünär öwrenýärler, özlerine bildirilýän belent ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar.