Ömür asyrynyň bosagasynda

6 Mart 2024
1178

Şahyryň: «Dünýäniň bar görki enedir, ene!» diýip belleýşi ýaly, ýaşaýşymyza ýagty nuruny saçyp duran eneler, hakykatdan-da, bu barlygyň durky, berki, görki. Olar bilen bu ýagty jahan has görkana hem erkana. Goý, bu barlyk her saba-säherde olaryň mähir-muhabbeti, nurly ýylgyryşy bilen oýansyn!

Halkara zenanlar gününde her kim öz mähribanlaryny gutlamaga howlugýar. Aslynda, bu baýramy ýaşy bir asyra golaýlap gelýän ene bilen garşylamagyň bagty, begenji, buýsanjy has-da başgaça bolsa gerek. Ynha, bu ojagy ýaşy bir asyra golaýlaşyberen enäniň mähri ýyladýar. Hawa, asyra. Belkem, beýik Biribar hem enelere ykbal paýlanda, olara mähri has zyýat eçilýändir. Şonuň üçin hem ene ýüreginiň ýylysy bütin dünýä ýetýär.

Maral MYRADOWA.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.