Innowasion usulda bilim bermegiň dürli ýörelgeleri

2 Mart 2024
1025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermäge giň mümkinçilik döredilýär. Bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly bilim esasynda üznüksiz bilim üçin giň mümkinçilikler döredilip, okatmagyň usullary yzygiderli baýlaşdyrylýar. Innowasion usulda sanly bilim we dünýä tejribesi okuw işine ornaşdyrylýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijilerdäki maglumatlar esasynda kämilleşdirilýär. Bu bolsa mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, sapaklaryny gyzykly we netijeli guramagyna oňaýly täsir edýär.

Bilim bermegiň ýörelgelerine laýyklykda, başlangyç synp mugallymlary okuwçylaryň bilesigelijilik, akyl ýetirijilik mümkinçiliklerini öwrenmäge we ösdürmäge borçludyrlar. Mugallym çagada okamak, täze-täze zatlary öwrenmek islegini döretmelidir. Olaryň beýleki okuw derslerinden hem-de durmuş tejribelerinden alan düşünjelerini, başarnyklaryny we endiklerini kämilleşdirmek üçin çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çemeleşilmelidir. Mugallym başlangyç synplaryň okuwçylary bilen ähli dersler boýunça okuw sapaklaryny guranda interaktiw tagtadan, okuw kitaplaryndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sowgat beren kompýuterlerinden, görkezme esbaplardan, çagalaryň ýazuw endiklerini ösdürmek maksady bilen iş depderlerinden peýdalanýar.

Ruhiýa MOMINOWA
Çärjew etrabynyň 43-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy