«OpenAI» ýazgydan wideo döretmäge ukyply neýroulgamy döretdi

18 Fewral 2024
1004

Özüniň «ChatGPT» çat-boty bilen belli bolan «OpenAI» amerikan kompaniýasy «Sora» ady bilen emeli aňyň esasynda täze gural döretdi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

«Sora» ýazgy beýany esasynda dowamlylygy 1 minuta çenli bolan hakyky we döredijilikli wideolary döredip bilýär. Neýroulgam rekwizitiň we personažlaryň takyk şekilleri bilen hakyky sahnalary hem döretmäge ukyply. Şol bir wagtyň özünde, wideodaky personažlar ynandyryjy emosiýalary görkezip bilerler. Mundan başga-da, «Sora» hereketsiz şekilleri «janlandyryp», taýýar wideolara kadr goşup ýa-da olaryň üstüni ýetirip bilýär.

Durdymuhammet BAÝMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.