Türkmen sährasynyň täsin künjeginde

10 Fewral 2024
1061

Gahryman Arkadagymyzyň Daşoguz welaýatynda 20 müň gektar meýdanda gorag tokaý zolagyny döretmek baradaky başlangyjy esasynda bu gadymy mekanda çöl ösümlikleriniň müňlerçe düýbi ekildi. Sarygamyş kölüniň günbatar kenaryny töwerekläp, çölüň jümmüşine aralaşýan tokaýlygyň bir goly çetki obalara baryp ýetýär. Biri-birinden iki çakrym daşlykda ýerleşýän bu obalar il içinde «çarwa obalary» diýlip atlandyrylýar. Olaryň bäri çetinde Bötendag belentligi howalanyp görünýär. Belentli-pesli gum alaňlary gögüň Zemine gol berýän ýerine çenli uzap ýatan giňişligiň ýüzüne el bilen münderlenip goýlana meňzeýär.

Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişlikde kemala gelen çöl ösümlikleriniň gür tokaýlygy tebigatda biodürlüligi gorap saklamak, ekologik medeniýeti gowulandyrmak ýaly wajyp wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Ol ynsan zähmeti bilen döredilen gözellik çeşmesine, täsinlikler dünýäsine meňzeýär. Welaýatyň çägindäki «Gaplaňgyr» döwlet goraghanasynda aýawly goralýan hem-de köpeldilýän ak hem gara sazaklar, duzluk ýerlere uýgunlaşan dürli görnüşli çöl ösümlikleri bu tokaý zolagynyň esasy bölegini düzýär.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».