Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan
Döwrümiziň her güni göwün galkyndyryjy wakalara baý. Her täze gün öňki günüň dowamaty, şonuň bilen birlikde, öňkülerden has ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Çünki amal edilýän işler, ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler bilen bu gadymy topragyň üstünde jahana ýaň saljak taryh ýazylýar. Döwrüň üstünliklerine buýsanyp, seriňi ajaýyp pikirler bilen durlaýan çagyň, öten akyldarlaryň: «Her bir ýagşy amal aýratyn bir eserdir. Eseri okap, ony ýazanyň kimdigini kesgitläp bolýar» diýen sözleri aňyňda öwrüm edip dur. Türkmen halkynyň ykbaly galkynan bu zamanasy Gahryman Arkadagymyzyň iň beýik eseridir.